2-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 Iyul, 2026

2-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1776-njy ýyl. Filadelfiýada geçirilen Ikinji Kontinental kongres Amerikanyň Beýik Britaniýadan bölünip aýrylmagy baradaky karary kabul etdi. Emma ABŞ-da Garaşsyzlyk güni 4-nji iýulda — Garaşsyzlyk jarnamasynyň kabul edilen gününde bellenilýär. Bu resminama halk köpçüligine ilkinji gezek 8-nji iýulda eşitdirildi.

1900-nji ýyl. Graf Ferdinand fon Seppelin tarapyndan gurlan berk gurluşly (gaty konstruksiýaly) dirižabl ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

1922-nji ýyl. Görkülli fransuz modelýeri Pýer Karden dünýä indi (2020-nji ýylda aradan çykdy).

1924-nji ýyl. Halkara sport metbugaty assosiasiýasy esaslandyryldy. 1995-nji ýyldan bäri her ýylyň şu gününde Halkara sport žurnalistleriniň güni bellenilip gelinýär.

1947-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Rozuell şäheriniň golaýynda näbelli uçýan desganyň (NLO) bolandygy çak edilýän heläkçiligi. Bu waka amerikan pop-medeniýetiniň iň meşhur hadysalarynyň birine öwrüldi: şonuň netijesinde Rozuell şäheriniň ady häzirki wagtda, köplenç, NLO bilen utgaşdyrylýar.

2001-nji ýyl. ABŞ-da hassanyň bedenine «AbioCor» kysymly göçme emeli ýürek oturdyldy.

2002-nji ýyl. Stiw Fossett howa şarynda dünýäniň daşyna ilkinji gezek amala aşyrylan syýahaty tamamlady.

2003-nji ýyl. Rus milliarderi Roman Abramowiç (suratda çepde) «Çelsi» futbol klubyny 140 million funt sterlinge (230 million dollar) satyn aldy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info