Miladydan öňki 69-njy ýyl. Ptolemeý neberesinden bolan Müsüriň soňky şa zenany Kleopatra dünýä indi.
1721-nji ýyl. Russiýa imperiýa diýlip yglan edildi we Pýotr I imperator adyna eýe boldy.
1936-njy ýyl. «BBC» ilkinji ýokary hilli teleýaýlymlaryny tomaşaçylara hödürledi.
1955-nji ýyl. «Billboard» žurnaly iň hit bolan 100 aýdymyň ilkinji sanawyny - «Billboard Hot 100» ady bilen neşir edip başlady.
1959-njy ýyl. «Montreal Canadiens» hokkeý toparynyň derwezeçisi Žak Plant gorag ýüz maskasynyň derwezeçiniň hokkeý eşiginde hökmany enjam bolmagyny talap etdi we ilkinji bolup ulanyşa girizdi.
1988-nji ýyl. Kornell uniwersitetiniň talyby Robert Morris «gurçuk» atly ilkinji kompýuter wirusyny döretdi we ýaýratdy.
2008-nji ýyl. 23 ýaşly Luis Hemilton ilkinji gezek «Formula 1» ýaryşynyň çempiony boldy.

