20-nji ýanwar: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1920-nji ýyl. Dünýä kinematografiýasynyň iň beýik ussatlarynyň biri, režissýor we senariýeçi Federiko Fellini dünýä indi. «Süýji durmuş» (italýança: La Dolce Vita) atly film Fellininiň karýerasynyň kulminasiýasy hasaplanýar. Bu filmde baş keşbi Marçello Mastroýanni janlandyrdy.

1921-nji ýyl. Türk döwletiniň dünýewi we milli häsiýetini yglan eden Türkiýeniň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi.

1929-njy ýyl. ABŞ-da dünýäde ilkinji doly sesli çeper film bolan «Köne Arizonada» («In Old Arizona») ekrana çykdy.

1946-njy ýyl. ABŞ-nyň Prezidenti Trumen Merkezi aňtaw toparyny — geljekki MAG-ni (Merkezi aňtaw gullugy, başgaça «ЦРУ») esaslandyrdy.

1958-nji ýyl. Londonyň köçelerinde awtomobilleriň tizligine gözegçilik edýän ilkinji radarlar peýda boldy.

1961-nji ýyl. Jon Kennedi ABŞ-nyň 35-nji prezidenti boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info