20-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

20 Iyul, 2026

20-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

B.e.öňki 356-njy ýyl. Rowaýatlarda aýdylmagyna görä, öz adyny ebedileşdirmek islän Gerostratyň Efesdäki (Kiçi Aziýa) kaşaň Artemida ybadathanasyny ýakan güni, Makedoniýanyň paýtagty Pellada Gadymy dünýäniň iň edermen serkerdeleriniň we döwlet işgärleriniň biri, köplenç, Aleksandr Makedonskiý (Beýik Isgender) diýlip atlandyrylýan Aleksandr III dünýä indi.

1917-nji ýyl. Germaniýada «Bayerische Motorenwerke» atly täze awtomobil markasy — gysgaça görnüşde «BMW» resmi taýdan hasaba alyndy.

1924-nji ýyl. Parižde Halkara küşt federasiýasy (FIDE) esaslandyryldy. 1966-njy ýyldan bäri bu sene Halkara küşt güni hökmünde bellenilip gelinýär.

1969-njy ýyl. «Apollon-11» taryhda ilkinji gezek adamyň dolandyrmagyndaky Aýa gonuşy amala aşyrdy.

1976-njy ýyl. Marsyň üstünde ilkinji ylmy barlaglar geçirildi.

1987-nji ýyl. Pol Makkartni diňe Sowet Soýuzynda satuwa çykarylan «Снова в СССР» atly albomynyň ýazgy işlerine girişdi.

 

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info