21-nji ýanwarda bütin dünýäde iň täsin baýramlaryň biri — Halkara gujaklaşmak güni bellenilip geçilýär.
1506-njy ýyl. Rim papasy Ýuliý II-niň buýrugy bilen Watikanyň goşuny — Şweýsar gwardiýasy döredilýär.
1796-njy ýyl. Doktor Edward Jenner çiçek keseliniň sanjymy boýunça geçiren işiniň netijelerini «Çiçek sanjymynyň täsirlerini we netijelerini öwrenmek» atly kitapçasynda çap etdi. Bu sanjym Angliýada giňden ýaýrady we tiz wagtdan Britaniýanyň goşunynda hem-de deňiz flotunda hökmany sanjymlaryň sanawyna goşuldy.
1911-nji ýyl. Monte-Karloda ilkinji awtomobil rallisi geçirildi.
1924-nji ýyl. Sowet döwletiniň ýolbaşçysy Wladimir Lenin aradan çykdy. Bu waka XX asyryň syýasy taryhynda täze tapgyryň başlanmagyna getirdi.
1941-nji ýyl. Ispan opera aýdymçysy we dirižýory Plasido Domingo dünýä indi. Ol Luçano Pawarotti we Hose Karreras bilen bilelikde, dünýäniň iň meşhur üç tenorynyň hataryna girýär.
1954-nji ýyl. Konnektikut ştatynyň Groton gämi gurluşyk zawodyndan dünýäde ilkinji atom suwasty gämisi suwa goýberildi.
1976-njy ýyl. «British Airways» kompaniýasynyň «Konkord» atly sesden çalt uçýan ýolagçy awialaýneri London — Bahreýn ugry boýunça ilkinji täjirçilik gatnawyny amala aşyrdy.