21-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

7 sagat öň

21-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1893-nji ýyl. Çikagodaky Bütindünýä sergisiniň myhmanlary taryhda ilkinji gezek syn ediş çarhynda gezelenç etdiler.

1915-nji ýyl. Kazimir Malewiç dünýä awangardynyň «ikonasy» hasaplanýan «Gara inedördül» eserini döretdi.

1925-nji ýyl. Moskwanyň ýollarynda ilkinji döwlet taksileri — «Reno» kysymly 16 awtomobil gatnap başlady. Taksiler adaty arabakeşlerden arzan düşendigi sebäpli, gysga wagtda şäherlileriň söýgüsini gazandy.

1962-nji ýyl. Rok-sazandasy, meşhur aýdymlaryň awtory, «Kino» rok-toparynyň lideri we wokalçysy Wiktor Soý dünýä indi.

1967-nji ýyl. Dug Engelbart häzirki wagtda «syçanjyk» manipulýatory hökmünde giňden tanalýan «Surat çykaryş ulgamy üçin X-Y koordinatalar indikatory» enjamyna patent almak üçin arza tabşyrdy.

1975-nji ýyl. ABŞ-nyň ekranlaryna Stiwen Spilbergiň «Eňekler» («Jaws») filmi çykdy.

2007-nji ýyl. Gollandiýada 67 ýyl bäri sürüjilik şahadatnamasyz ulag süren 84 ýaşly sürüji saklandy. Onuň awtomobili adaty resminama barlagy üçin saklanyldy. Sürüjiniň aýtmagyna görä, ol şu wagta çenli hiç wagt tizlik çäginden geçmändir we hiç hili ýol heläkçiligine uçramandyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info