1851-nji ýyl. Hindistanda ilkinji ýük otlusy ýola düşdi.
1885-nji ýyl. Ito Hirobumi atly samuraý Ýaponiýanyň ilkinji premýer-ministri boldy.
1882-nji ýyl. Amerikaly oýlap tapyjy Tomas Edison Täze ýyl arçasynyň çyralarynyň ilkinji görnüşini döretdi.
1891-nji ýyl. Asteroid «323 Brusiýa» surat arkaly görülen ilkinji asteroid boldy.
1956-njy ýyl. Ogaýonyň haýwanat bagynda Colo atly gorilla çagasy dünýä indi. Ol dünýä boýunça haywanat bagynda doglan ilkinji gorilla boldy.
2020-nji ýyl. Argentinaly futbolçy Messi «Barselona» üçin 644-nji goluny geçirdi we braziliýaly oýunçy Peleniň bir klub üçin iň köp pökgi geçirmekdäki rekordyny täzeledi.