1690-njy ýyl. Demirgazyk Amerikada irokezleriň indeý taýpasy britan häkimiýeti bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekdi.
1788-nji ýyl. Angliýanyň paýtagty London şäherinde Jorj Gordon Noel Baýron doguldy. Baýronyň şahyrana döredijiliginde esasy orny eýelän eserleriniň biri hem «Gündogar poemalarydyr».
1869-njy ýyl. Kambojanyň jeňňelliklerinde azaşan fransuz syýahatçysy Anri Muo duýdansyz ýagdaýda äpet bir ybadathana toplumyny görýär. Şeýlelikde, unudylan ajaýyp ybadathana — XII asyryň ortalarynda bina edilip, dünýäniň iň uly dini ymaraty we gadymy khmerleriň ussatlygynyň düri hasaplanýan Angkor Wat («Paýtagt ybadathanasy») gaýtadan meşhur boldy.
1889-njy ýyl. Waşingtonda ilkinji ses ýazýan kompaniýalarynyň biri bolan «The Columbia Phonograph Company» döredildi.
1939-njy ýyl. Kolumbiýa uniwersitetinde (ABŞ) ilkinji gezek uran atomy dargadyldy.
1943-nji ýyl. Ataýewleriň (Annagylyç Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky esgerleriň) görkezen edermenligi. Sowet gazetlerinde olaryň gahrymançylygy panfilowçylaryň edermenligi bilen deňeşdirilipdi. 294-nji atly polkuň 1-nji eskadronynyň serkerdesi, leýtenant Annagylyç Ataýewiň esgerleri Demirgazyk Donesiň sag kenaryndaky Belaýa Kalitwa şäheriniň golaýynda ýerleşýän 79,9 belentligi eýelediler. Iki gije-gündizläp dowam eden dyngysyz söweşleriň dowamynda eskadron duşmanyň ýedi sany garşylykly hüjümini yzyna serpikdirdi. Bu söweşlerde 300-e golaý gitlerçi, üç tank we bir sowutly ulag ýok edildi.
1968-nji ýyl. «Bitlz» topary «Apple Corps» atly hususy kompaniýasyny esaslandyrdy.
1970-nji ýyl. «Boing 747» uçarynyň ýolagçylar bilen ilkinji gatnawy amala aşyryldy. Nýu-Ýorkdan ýola düşen uçar 6 ýarym sagatdan soň Londona gondy.