1915-nji ýyl. Tomas Edison telefon gepleşiklerini ýazgy etmäge mümkinçilik berýän nobatdaky oýlap tapan enjamy — «teleýazgyç» (telepiseç) barada yglan etdi. Bu gural telefon bilen fonografyň sazlaşygyndan ybaratdy.
1934-nji ýyl. Polisiýa işgärleri meşhur amerikan gansterleri Klaýd Berrowy we Bonni Parkeri yzarlap tapdylar we olara duzak gurdular. Olaryň ykbaly (soňy) hemmä mälimdir.
1939-njy ýyl. Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdirow dünýä indi.
1949-nji ýyl. Germaniýa Federatiw Respublikasy (GFR) döredildi.
1980-nji ýyl. ABŞ-da Stiwen Kingiň romany esasynda Stenli Kubrigiň surata düşüren «Şugla» («The Shining») atly filmi ekranlara çykdy.
1988-nji ýyl. Nansi şäherinde Fransiýanyň XX asyrdaky iň gowy futbolçysy we yzly-yzyna üç gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi, fransuz ýarymgoragçysy Mişel Platininiň gatnaşmagyndaky iň soňky oýun geçirildi.
2007-nji ýyl. Režissýor Gor Werbinskiniň «Karib deňziniň garakçylary: Dünýäniň çetinde» atly filminiň premýerasy boldy. Filmde baş keşpleri Jonni Depp, Jeffri Raş, Orlando Blum, Kira Naýtli, Naomi Harris we Jek Dewenport janlandyrdylar.