1755-nji ýyl. Moskwa uniwersiteti (häzirki M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti) esaslandyryldy.
1832-nji ýyl. Fransuz nakgaşy, nagyşlamagyň ussady we impressionizm akymynyň esaslandyryjylarynyň biri Eduar Mane dünýä indi.
1881-nji ýyl. Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Ýewgeniý Onegin» operasy Uly teatryň sahnasynda ilkinji gezek ýerine ýetirildi.
1883-nji ýyl. Monrealda ilkinji gyş karnawaly geçirildi. Onuň çäklerinde buz köşgi (buzdan ýasalan köşk) bina edildi.
1950-nji ýyl. Iýerusalim Ysraýylyň paýtagty diýlip yglan edildi.
1960-nji ýyl. Şweýsariýaly inžener Žak Pikar we ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň leýtenanty Don Uolş «Triest» batiskafynda Marian çöketliginiň düýbüne, 10 916 metr çuňluga aralaşdylar.
2001-nji ýyl. Ak tamdaky kompýuterleriň klawiaturalaryndan «W» harpynyň ýitendigi anyklanylýar. Bu harp 43-nji prezident Jorj W.Buşuň adyny kakasynyň — ozalky prezident Jorj Buşuň adyndan tapawutlandyrýan ýeke-täk aýratynlykdyr. Şol sebäpli hem, Ak tam hiç bir resminamany çap edip bilmeýär.