23-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1839-njy ýyl. «O.K.» («о’keý») aňlatmasynyň dörän güni. «OK» ilkinji gezek «Boston Morning Post» gazetiniň sahypalarynda peýda boldy. Bu döwürde amerikalylar gysgaltmalara uly gyzyklanma bildirip, sözleriň ählisini diýen ýaly gysgaldýardylar.

1891-nji ýyl. Angliýanyň Demirgazyk we Günorta ýygyndylarynyň arasynda geçirilen FA Kubogynyň final oýnunda ilkinji gezek futbol derwezesine tor berkidildi.

1900-nji ýyl. Oksforddaky arheologiýa muzeýiniň saklaýjysy Artur Jon Ewans Krit adasynda gazuw-agtaryş işlerine başlady. Işleriň başlanmagyndan birnäçe sagat soň, arheologlar Knos şäheriniň harabalyklarynyň golaýyndan rowaýata öwrülen Minotawryň köşgüniň galyndylaryny tapdylar.

1998-nji ýyl. Rowaýata öwrülen «Titanik» filmi 11 ugur boýunça «Oskar» baýragyny gazandy. Gyzykly tarapy Amerikan kino akademiýasynyň aktýorlyk ugurlary boýunça baýraklarynyň hiç biri bu filme mynasyp görülmedi: iň gowy aktýorlar hökmünde Helen Hant we Jek Nikolson sylaglandy, ikinji plandaky rollar üçin niýetlenen baýraklar bolsa Kim Bessinjer we Robin Uilliamsa berildi.

2001-nji ýyl. «Мир» atly çarmanly orbita stansiýasynyň uçuşy üstünlikli tamamlandy, soňlugy bilen stansiýa Ýuwaş ummanyna çümdürildi.

2004-nji ýyl. Talyplar «ultra-şpargalkalary» oýlap tapdylar. Şeýlelikde, adaty ýagtylykda görünmeýän syýa ultramelewşe şöhlede açyk peýda bolýar.

2007-nji ýyl. Malaýziýadan bolan iki polisiýa iti Laki we Flo kompakt we DVD diskleri tapmakda uly üstünlik gazandylar welin, ýerli jenaýatçylaryň olaryň heläklenmegi üçin baýrak belländigi ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, häkimiýetler takmynan bir milliona golaý galp optiki daşaýjylary ýüze çykaran bu itleri gizläp, ygtybarly gorag astyna aldylar.

2021-nji ýyl. Dünýäniň iň uly konteýner gämileriniň biri bolan «Ever Given» Sues kanalynda çägä oturdy we suw ýoluny bir hepdelik petikledi. Gäminiň kapitany bu wakanyň günäkäri hasaplanyldy we oňa 550 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemek bellendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info