24-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

24 Iýun, 2026

24-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1901-nji ýyl. Parižde barselonaly 19 ýaşly suratkeş Pablo Pikassonyň (suratda) ilkinji sergisi açyldy.

1945-nji ýyl. Gyzyl meýdanda Ýeňiş ýörişi geçirildi.

1947-nji ýyl. Ilkinji gezek nätanyş uçýan jisimleriň (NUJ) peýda bolmagy resmi taýdan hasaba alyndy. Amerikaly höwesjeň uçarman Kennet Arnold howada sagatda, takmynan, 2000 km tizlik bilen hatar bolup uçýan disk şekilli dokuz sany jisimi gördi.

1951-nji ýyl. Täjirçilik maksatly reňkli telegoýberliş başlandy. CBS torynyň bäş sany telestansiýasy bu ugurda ilkinjiler (pionerler) boldular.

1963-nji ýyl. «BBC» studiýasynda dünýäde ilkinji öýde ulanmaga niýetlenen wideomagnitofon görkezildi. Muňa garamazdan, şondan diňe alty ýyl soň dükanlaryň tekjelerinde «Sony» kompaniýasynyň ilkinji kassetaly wideomagnitofonlary peýda boldy.

1987-nji ýyl. Argentinaly futbolçy, olimpiýa (2008) hem-de dünýä çempiony (2022), milli ýygyndynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy Lionel Messi dünýä indi. Ol ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri hasaplanýar.

2006-njy ýyl. Awstraliýanyň haýwanat bagynda 175 ýaşynda ýürek agyrysynyň tutmasy sebäpli, Genrietta atly pyşbaga aradan çykdyi. Rowaýata görä, ony Galapago adalaryndan Çarlz Darwiniň hut özi alyp gaýdypdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info