421-nji ýyl. Wenesiýa şäheri esaslandyryldy. Wenesiýa häzirki güne çenli orta asyrlardaky keşbini üýtgetmän diýen ýaly saklap galan seýrek şäherleriň biridir.
1668-nji ýyl. Amerikada ilkinji gezek at çapyşyklary geçirildi.
1843-nji ýyl. Londonda Temza derýasynyň astyndan geçýän pyýada geçelgesi açyldy, ol şäheriň çep we sag kenar sebitlerini birleşdirdi.
1857-nji ýyl. Frederik Laggenheým Gün tutulmasynyň ilkinji fotosuratyny düşürdi.
1876-njy ýyl. Uels bilen Şotlandiýanyň arasynda geçirilen ilkinji halkara futbol duşuşygynda Şotlandiýa 4:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Oýun Glazgo şäherinde geçirildi.
1932-nji ýyl. Dünýäniň iň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan «Aeroflot» döredildi.
1961-nji ýyl. Ýuriý Gagariniň uçuşynyň öňüsyrasyndaky synag — Zwýozdoçka atly it bilen manekeniň soňky kosmos uçuşy amala aşyryldy. Kosmosa syýahat eden itiň ady hem Gagarin tarapyndan dakylýar, öň ol öý haýwany Udaça diýlip atlandyrylýardy. Uçuş üstünlikli geçdi.
2010-njy ýyl. Rus milliarderi Aleksandr Lebedew britan «Independent» we «Independent on Sunday» gazetlerini simwoliki bahadan — bir funt sterlingden satyn aldy. Şol söwdadan bir ýyl soň «Ведомости» gazetine beren interwýusynda ol bu neşire 30 million funt maýa goýandygyny boýun aldy.