26-njy aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

26 Aprel, 2026

1607-nji ýyl. WAmerika ilkinji bolup geçen iňlisler Wirjiniýanyň Genri burnunda ornaşdylar.

1721-nji ýyl. Beýik Britaniýada ilkinji gezek mama keseline garşy sanjym edildi.

1783-nji ýyl. On üç ýaşly Lýudwig wan Bethowen Bonndaky köşk orkestriniň klawişli saz gurallary sazandasy wezipesine bellenildi.

1803-nji ýyl. Fransiýanyň L’Egl (L’Aigle) şäheriniň üstünde meteorit ýagyşy bolup geçdi. Bu waka Fransiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny meteoritleriň Ýer ýüzünden daşarda (kosmosdan) gelip çykan hadysadygyna ynandyrdy (ozal bu hakykat ykrar edilmeýärdi). 

 1921-nji ýyl. Londonyň köçelerinde ilkinji motosikletli polisiýa patruly peýda boldy.

1962-nji ýyl. «Kosmos-4» emeli hemrasyndan Ýeriň bulut gatlagynyň kosmosdan ilkinji telewizio surata düşürilmegi amala aşyryldyBu waka kosmos serişdelerini ulanmak arkaly meteorologik çaklamalaryň ýöredilip başlanmagyna esas boldy.

1998-nji ýyl. Hýustanda (ABŞ) barabosly Ron King 385 garşydaşyň garşysyna çykyş edip, olaryň ählisini ýeňdi we şaşka boýunça bir wagtdaky iň köpçülikleýin oýun seansyny geçiren oýunçy hökmünde taryha girdi. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info