27-nji dekabr: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

 1831-nji ýyl. Çarlz Darwin ewolýusiýa teoriýasyny işläp düzmeginiň barşynda syýahat etmek üçin «Bigl» gämisine mündi.

1845-nji ýyl. Amerikaly lukman Krouford Lang çaga dogluşynda ilkinji bolup anesteziýany (narkoz) ulandy.

1945-nji ýyl. Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň esaslandyrylan güni.

1948-nji ýyl. Belli fransuz teatr we kino aktýory, «Altyn globus», «Sezar» hem-de beýleki baýraklaryň birnäçesiniň eýesi Žerar Depardýe dünýä indi.

2013-nji ýyl. Britaniýaly zenan Mariýa Leýerstam taryhda welosiped bilen Günorta polýusa ýeten ilkinji ynsan hökmünde bellige alyndy.

2015-nji ýyl. Hytaýyň hökümeti «bir maşgala — bir çaga» düzgünini ýatyrdy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info