27-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

27 Iýun, 2026

27-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilip gelinýär.

1615-nji ýyl. Çaý ilkinji gezek Hytaýdan Ýewropa getirildi.

1865-nji ýyl. Beýik Britaniýada Lýuis Kerrollyň «Alisanyň täsinlikler ýurdundaky başdangeçirmeleri» atly ertekisi neşir edildi.

1925-nji ýyl. Islandiýada raýatlaryň familiýa götermegini resmi taýdan gadagan edýän kanun kabul edildi. Ýurduň häkimiýetleri muny milli däp-dessurlary gorap saklamak maksady bilen amala aşyrdylar. Şol wagtdan bäri islandiýalylar özlerini diňe ady we kakasynyň ady boýunça atlandyrýarlar. Şunda erkek kişileriň adynyň soňy «sson» (ogly), aýallaryňky bolsa «dottir» (gyzy) goşulmalary bilen tamamlanýar.

1931-nji ýyl. Rus awiakonstruktory we oýlap tapyjysy Igor Sikorskiý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji dikuçar üçin patent aldy.

1967-nji ýyl. Angliýanyň Enfild şäherinde dünýäde ilkinji nagt pul berýän bankomat gurnaldy. Ol «Barclays Bank» bankyna degişli bolup, diňe on funtlyk kupýuralary bermäge niýetlenendi.

2017-nji ýyl. Dünýä boýunça «Petya» atly zyýanly programmanyň kiberhüjüm tolkuny ýaýrady. Munuň netijesinde «Windows» operasion ulgamynda işleýän diňe bir şahsy kompýuterler däl, eýsem, korporatiw ulanyjylaryň enjamlary hem zyýan çekdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info