1616-njy ýyl. Otly Ýer arhipelagynyň iň günorta nokady bolan Gorn burny açyldy.
1860-njy ýyl. Taganrogda rus ýazyjysy, prozaçy we dramaturg Anton Pawlowiç Çehow dünýä indi. Ol dünýä edebiýatynyň nuwgawy wekilidir.
1886-njy ýyl. Dünýäde ilkinji benzinli awtomobiliň doglan güni hem şu gün hasaplanýar. Çünki hut şol gün Bens öz awtomobili üçin №37435 belgili patentini aldy.
1896-njy ýyl. Çikagodan bolan amerikaly talyp Emil Grubbe howply çişi şöhlelendirmek arkaly tejribe geçirdi. Bu waka lukmançylygyň täze ugry bolan radioterapiýanyň başlangyjy boldy.
1932-nji ýyl. Türkmen ýazyjysy hem şahyry Sapar Öräýew doguldy. «Gudratyň ýüregi» romany şahyryň ilkinji iri proza eseridir. Ol «Türkmenistan lälezar», «Durnalar», «Bibijan», «Gyzlaryň», «Ene hakda söz» ýaly goşgulary, «Gyz ýüregi» poemasy, «Oba oglany», «Daş» romanlary, «Uzlar», «Gül hem gurjak», «Aktelpekli Akmyrat» ýaly kitaplary bilen bellidir.
1943-nji ýyl. Žak Iw Kusto we Emil Ganýan suwuň jümmüşine çümmek üçin niýetlenen enjamy — akwalangyň prototipini oýlap tapdylar.
2000-nji ýyl. Las-Wegasyň utuşly oýunlarynda Sintiya Jeý atly hyzmatçy zenan «Bir elli garakçy» oýun atyşy arkaly 35 million dollar utdy. Bu şol wagtky oýun atyşlarynda gazanylan dünýädäki iň uly utuş boldy.