2010-njy ýylda esaslandyrylan Gaplaňyň halkara güni her ýyl bütin dünýäde bellenilip geçilýär.
1836-njy ýyl. Parižiň Ýyldyz meýdançasynda (Place de l’Étoile) dabaraly ýagdaýda fransuz paýtagtynyň iň meşhur gözel ýerleriniň birine öwrülen Triumfal arkasy açyldy.
1890-njy ýyl. Winsent Willem Wan Gog 37 ýaşynda öz janyna kast etdi. Onuň döredijilik ýoly bary-ýogy 10 ýyl dowam etdi, emma galdyran mirasy asyrlara ýaň salar. Suratçynyň 1700-e golaý işi saklanyp galypdyr — olaryň, takmynan, 900-si çyzgy we 800-den gowragy ýagly boýagda çekilen eserlerdir. Bu eserleriň 80-si onuň ömrüniň soňky iki aýynda döredilipdir. Wan Gog tutuş ömrüniň dowamynda bary-ýogy bir suratyny — «Arldaky gyzyl üzümçilikler» eserini satypdyr.
1954-nji ýyl. J.R.R.Tolkiniň «Ýüzükleriň hökümdary» trilogiýasynyň birinji bölümi neşir edildi.
1958-nji ýyl. ABŞ-da NASA — Milli aeronawtika we kosmos dolandyryşynyň giňişligi döredildi.
1978-nji ýyl. Penni Din La-Manş bogazyny rekord wagtda — 7 sagat 40 minutda ýüzüp geçdi.
1981-nji ýyl. «Formula-1» boýunça iki gezek dünýä çempiony (2005, 2006) Fernando Alonso dünýä indi.
1998-nji ýyl. Amerikaly D.Şemmi bumerangy 174 metr aralyga zyňdy we ony tutmagy başardy. Bu rekord ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda resmi taýdan bellige alyndy.
