29-njy iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 sagat öň

29-njy iýun: Gyzykly maglumatlar

1957-nji ýyl. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä indi.

1855-nji ýyl. Londonda «The Daily Telegraph» gazetiniň ilkinji sany neşir edildi.

1900-nji ýyl. Fransiýanyň Lion şäherinde geljekde beýik ýazyjy bolup ýetişen Antuan de Sent-Ekzýuperi dünýä indi. «Kiçijik şazada» eseriniň awtory hünäri boýunça uçurmandyr: ol ömründe 15 sany awiaheläkçiligi başdan geçirip, iň soňky uçuşyny 1944-nji ýylda amala aşyrdy.

1916-njy ýyl. Amerikan konstruktory Uilýam Boing we onuň dosty Frederik Rençler tarapyndan gurlan ilkinji uçar — «B&W» gidroplany asmana galdy.

1925-nji ýyl. Amerikaly Marwin Pipkin ýalpyldysyz örtükli elektrik çyrasyny patentleşdirdi.

1964-nji ýyl. Telewizoryň uzakdan dolandyryş pulty döredildi.

1975-nji ýyl. Stiw Woznýak «Apple I» kompýuteriniň ilkinji prototipini synagdan geçirýär. 2007-nji ýylyň şol gününde bolsa «Apple» kompaniýasy ilkinji «iPhone» smartfonynyň satuwyna badalga berýär.

2000-nji ýyl — «Sotheby’s» auksiony ABŞ-nyň 1776-njy ýyldaky Garaşsyzlyk jarnamasynyň seýrek nusgasyny satuwa çykardy we ol 8 million 140 müň dollara satyldy. XVIII asyrdan bäri Jarnamanyň jemi 25 nusgasy saklanyp galypdyr, olaryň dördüsi hususy şahslaryň elinde saklanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info