1449-njy ýyl. Ispan deňiz syýahatçysy Hristofor Kolumb Ýamaýkany açdy.
1841-nji ýyl. Täze Zelandiýa Britaniýanyň koloniýasy diýlip yglan edildi.
1904-nji ýyl. Amerikaly oýlap tapyjy Jorj Parker ilkinji mehaniki ulgamly syýa guýulýan ýazuw galamy üçin patentini aldy.
1927-nji ýyl. Aşgabat şäherinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, belli ýazyjy Arap Gurbanow dünýä indi. Ol uruş ýyllarynda radioda diktor bolup işledi. Uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habar hem radioda diktor Arap Gurbanowyň okamagynda türkmen halkyna ýetirilipdi.
1929-njy ýyl. Rus taryhçysy, arheolog, gadymy türkmen taryhyny öwreniji, professor Wadim Masson doguldy.
1937-nji ýyl. Margaret Mitçelliň «Ýele gidenler» («Унесённые ветром») romany Pulitser baýragyna mynasyp boldy.
1978-nji ýyl. Resmi taýdan bellige alnan ilkinji islenilmedik reklama habary ugradyldy. Şonuň üçin hem, bu sene «spamyň» dörän güni hasaplanýar.
1994-nji ýyl. Halkara gün energiýasy jemgyýetiniň Ýewropa bölümi tarapyndan Günüň bütindünýä güni esaslandyryldy.
2004-nji ýyl. Täze «Sasser» internet wirusy bütin dünýäde ýüzlerçe müň şahsy kompýutere zeper ýetirdi.
