3-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

3-nji martda Ýabany tebigatyň bütindünýä güni bellenip geçilýär. Bu senäniň esasy maksady tebigatymyzyň we onuň jandarlarynyň näderejede näzikdigini, şeýle hem olaryň ýok edilmeginiň nähili agyr netijelere getirip biljekdigini adamzada ýene bir gezek ýatlatmakdan ybaratdyr.

1639-njy ýyl. Haýyr-sahawatçy Jon Garwardyň hatyrasyna ABŞ-nyň Boston şäherinde esaslandyrylan kolleje Garward ady berildi.

1802-nji ýyl. Wenada nusgawy sazyň taryhyndaky iň meşhur eserleriň biri — Lýudwig wan Bethoweniň 14-nji, ýagny «Aýly» sonatasy ilkinji gezek köpçülige hödürlendi.

1875-nji ýyl. Kanadanyň Monreal şäherinde taryhda ilkinji hokkeý duşuşygy geçirildi.

1923-nji ýyl. Dünýäde täzelikleri beýan edýän ilkinji hepdelik neşir bolan «Time» žurnaly satuwa çykaryldy.

1985-nji ýyl. «ABC» teleýaýlymynda Sibil Şepard bilen Brýus Uillisiň baş rollarda çykyş edýän ajaýyp filminiň — «Aý şuglasy» agentligi» (Moonlighting) serialynyň premýerasy boldy.

1987-nji ýyl. Moskwada «Burda» žurnalynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

1993-nji ýyl. Germaniýaly meşhur futbolçy, Ispaniýanyň «Real Madrid» klubynyň we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Antonio Rýudiger dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info