1856-njy ýyl. Maugli baradaky meşhur kitabyň — «Jeňňel kitaby» (The Jungle Book) eseriniň awtory, iňlis ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Jozef Redýard Kipling doguldy.
1922-nji ýyl. Sowet Sosialistik Respublikalarynyň Bileleşigi (SSSR) döredildi. Bu döwlet 1991-nji ýyla çenli dowam etdi.
1927-nji ýyl. Rus himigi Sergeý Lebedew dünýäde ilkinji bolup sintetik kauçugy almagyň usulyny işläp düzdi.
1953-nji ýyl. ABŞ-da ilkinji reňkli telewizor satuwa çykaryldy.
1999-njy ýyl. Niderlandlardan Lýuk Broos aýna bulgurlardan dünýädäki iň belent piramidany gurdy. 56 gatdan ybarat bolan bu gurluşda jemi 30 856 sany bulgur ulanyldy.
2011-nji ýyl. Samoa ada döwletiniň we Tokelau adasynyň Günbatar ýarymşardan Gündogar ýarymşara geçmegi sebäpli, senenamadaky bir güni — 30-njy dekabry taşlap geçdi (sypdyrdy).