1873-nji ýyl. Žýul Werniň «80 günde dünýäni aýlanmak» atly eseri ilkinji gezek aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Ondan öň eser «Le Temps» fransuz gazetinde bölekleýin çykypdy.
1894-nji ýyl. Çarlz King öz oýlap tapan pnewmatik çekiji üçin patent aldy.
1923-nji ýyl. Leonid Gaýdaý dünýä indi. Onuň «Y» operasiýasy», «Kawkaz ýesiri ýa-da Şuriginiň täze başdangeçirmeleri», «Göwhar el», «Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär» ýaly we beýleki filmlerine eýýäm tomaşaçylaryň üçünji nesli tomaşa edýär.
1924-nji ýyl. «Mosfilm» kinostudiýasy döredildi.
1933-nji ýyl. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda Nury Baýramow doguldy. Onuň eserleri tema babatda giňligi, köpugurlylygy bilen beýlekilerden düýpli tapawutlanýar. Ol türkmen edebiýatyna proza hem poeziýa žanryndan döreden ajaýyp eserleri bilen ebedi girdi.
1948-nji ýyl. Delide Hindistanyň milli azat edijilik hereketiniň lideri Mahatma Gandi aradan çykdy.
1969-njy ýyl. «The Beatles» topary Londonda özüniň «Eppl» kompaniýasynyň binasynyň üstünde iň soňky gezek bilelikdäki çykyşyny etdi. Bu çykyş surata alyndy we «Let It Be» atly filme goşuldy.
2007-nji ýyl — «Windows Vista» operasion ulgamy satlyga çykdy.