31-nji ýanwar: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

31 Ýanwar, 2026

1864-nji ýyl. Moskwada Russiýanyň ilkinji «hemmeler üçin elýeterli zoologiýa bagy» — Moskwa haýwanat bagy myhmanlar üçin gapylaryny gapylaryny giňden açdy.

1865-nji ýyl. ABŞ-nyň Konstitusiýasyna döwletiň ähli çäginde gulçulygy ýatyrýan 13-nji düzediş girizildi.

1893-nji ýyl. «The Coca-Cola Company» kompaniýasynyň esaslandyryjysy A.Kendleriň «Coca-Cola» söwda belgisi bellige alyndy.

1911-nji ýyl. Terjimehaly syrly maglumatlardan we çaklamalardan doly bolan bolgar bilgiji, geljegi görüji hasaplanýan şahsyýet Wanga (Wangeliýa Pandewa-Guşerowa) dünýä indi.

1956-njy ýyl. Iňlis ýazyjysy, Winni Puh baradaky powestleriň awtory Alan Aleksandr Miln aradan çykdy.

1989-nji ýyl. Dünýäniň şol wagtky iň uly awialaýneri bolan «Boeing 747-400» uçarynyň yzygiderli uçuşlary amala aşyryp başlandy. Onuň ganatynyň giňligi 64,9 metr, ýolagçy sygymy bolsa 566 adamdyr.

1990-njy ýyl. Moskwada SSSR-däki ilkinji «McDonald’s» açyldy. Ol şol wagt dünýäniň iň uly restorany hökmünde bellige alnan bolsa, häzirki wagtda Ýewropanyň şeýle derejedäki restoranydyr. Açylan güni restorana 30 müň adam geldi we bu «McDonald’s» ulgamy üçin rekord görkeziji boldy.

2020-nji ýyl. Britaniýa resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginden çykdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info