1795-nji ýyl. Genuýanyň «Sant-Agostino» teatrynda geljekki rowaýaty skripkaçy Nikkolo Paganininiň ilkinji köpçülikleýin çykyşy boldy.
1928-nji ýyl. «Metro-Goldwyn-Mayer» kinostudiýasynyň başlangyç şekilinde (zastawkasynda) ilkinji gezek arlaýan ýolbars peýda boldy. Bu hadysa studiýanyň ilkinji sesli filmi bolan «Günorta deňizleriniň ak saýalary» kinosynda bolup geçdi. Gyzykly tarapy, arslanyň arlamagy tutuş filmdäki iň dowamly ses bolupdy, sebäbi filmde bary-ýogy birje söz — «Salam!» diýlipdi.
1944-nji ýyl. Meşhur fransuz ýazyjysy we professional uçarman Antuan de Sent-Ekzýuperi Korsika adasynyň golaýynda aňtaw uçuşyny amala aşyrýan wagty wepat boldy.
1954-nji ýyl. Italiýaly alpinistler Lino Laçedelli we Akille Kompanýoni dünýäde ilkinji bolup, beýikligi boýunça Jomolungmadan soň, ikinji ýerde durýan K2 (8611 m) gerşiniň iň belent nokadyna çykdylar.
1956-njy ýyl. SSKP MK (Sowet Soýuzynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komiteti) SSSR-de ýaşaýyş jaý gurluşygyny ösdürmek barada karar kabul etdi (bu «hruşşowkalaryň» gurlup başlanmagyna itergi berdi).
1965-nji ýyl. Iňlis ýazyjysy, Garri Potter baradaky kitaplaryň awtory Joan K. Rouling dünýä indi.
