1840-njy ýyl. Haýrem Maksim (1840 – 1916) dünýä inýär. Ol amerikan-britan oýlap tapyjysy bolup, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan taslamalaryň awtorydyr.
1925-nji ýyl. Bäherden etrabynyň Durun obasynda meşhur şahyr Mämmet Seýidow dünýä indi. Ol goşgular, poemalar ýygyndylary, çagalar üçin kitaplary, «Kesearkaç» romany, daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň terjimeleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýdy.
1935-nji ýyl. Türkmen edebi tankydynyň görnükli wekili, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Abdylla Myradow doguldy. Onuň «Edebiýatymyz hakynda oýlanyp», «Hoş niýetli maslahatlar» ýaly makalalar ýygyndylary döwürleýin metbugatda çap edilen köp sanly makalalary edebiýatymyzyň ösüşini yzarlamaga uly goşant boldy.
1945-nji ýyl. Meksikada geçen at çapyşygynda Uly Raketa (Big Rocket) atly at sagatda 70 km tizlik bilen dünýä rekordyny goýdy.
1952-nji ýyl. Nýu-Ýorkda (ABŞ) pyýadalar üçin niýetlenen ilkinji swetofor gurnaldy.
1976-njy ýyl. Amerikaly zenan Mod Tall 104 ýaşynda sürüjilik şahadatnamasyny alyp, iň garry sürüji hökmünde taryha girdi.
1983-nji ýyl. Daniýanyň Odense şäherinde köne kagyzlaryň arasyndan Mosartyň 9 ýaşynda ýazan we şol wagta çenli näbelli bolan simfoniýasy tapyldy.
1985-nji ýyl. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany, XXI asyryň iň köp baýraga eýe bolsn futbolçylarynyň biri Kriştianu Ronaldu dünýä indi.
2001-nji ýyl. Watikan Internetiň mukaddes howandaryny belledi. Bu ugurdaky saýlawlar sewilýaly mukaddes Isidoryň peýdasyna çözüldi.