B.e.öňki 8499-njy ýyl. Nemes alymy Otto Mukyň gipotezasyna görä, «A asteroidi» Atlantik okeanyna gaçyp, Atlantidanyň heläk bolmagyna getiripdir. Bu wakanyň beýany köp sanly halklaryň miflerinde we mukaddes kitaplarynda «ählumumy tupanyň» (Älem tupanynyň) ýatlamasy hökmünde saklanyp galypdyr.
1938-nji ýyl. Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir oýunda iň köp gol geçirmek boýunça rekord hasaba alyndy: Braziliýanyň ýygyndysy Polşany 6:5 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi.
1940-njy ýyl. ABŞ-da sintetik rezininden (emeli rezin) ýasalan ilkinji tekerler tanyşdyryldy.
1972-nji ýyl. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni esaslandyryldy.
1967-nji ýyl. Russiýaly sazanda, şoumen, telealypbaryjy, režissýor we prodýuser Waldis Pelş dünýä indi.
1977-nji ýyl. «Apple» kompaniýasy özüniň ikinji şahsy kompýuteri bolan «Apple II» modelini çykardy. Täze önümiň bahasy öňki modelden iki esse gymmat bolsa-da, ol şol döwrüň iň meşhur şahsy kompýuterleriniň birine öwrüldi.
2025-nji ýyl. «Nintendo Switch 2» oýun ulgamynyň (konsolynyň) satuwa çykarylmagy.