1865-nji ýyl. Sankt-Peterburgda günortanlyk naharynyň başlanandygyny top atmak arkaly yglan etmek däbi girizildi.
1869-njy ýyl. Amerikanlaryň «Harper’s Weekly» žurnalynda meşhur Sem daýynyň (Uncle Sam) ilkinji şekili peýda boldy.
1900-nji ýyl. Alym A.Popow dünýäde ilkinji gezek radio arkaly deňizdäki betbagtçylygyň (SOS) signalyny berdi.
1933-nji ýyl. Oýmýakonda (SSSR) Ýer ýüzüniň ilatly nokatlaryndaky iň pes temperatura bellige alyndy. Howanyň sowuklyk derejesi, takmynan, -68 gradusa ýetdi.
1935-nji ýyl. «Monopoliýa» (Monopoly) atly stol oýny ilkinji gezek satuwa çykaryldy.
1971-nji ýyl. Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew aradan çykdy. Onuň «Gyrat», Gülzar», «Işbaý», «Kerem geldi», «Kän güldi», «Nowgül», «Haraýym döndi», «Ýaşylbaş», «Torgaý guş», «Bibi»,«Şatlyk», «Sä-herde», «Joşgun» diýen ajaýyp sazlary häli-häzire çenli teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleri bezäp gelýär.
1971-nji ýyl. Ýeriň hemrasyna aýak basan bäşinji amerikan astronawty Alan Şeppard Aýda golf oýnap, iki urgyny amala aşyrdy. Şunuň bilen oýun tamamlandy, sebäbi top Ýer şertleri üçin görlüp-eşidilmedik aralyga uçup gitdi we ony tapmak asla mümkin bolmady.
2018-nji ýyl. ABŞ-nyň Kanaweral kosmodromyndan «SpaceX» kompaniýasynyň «Falcon Heavy» atly diýseň agyr raketa göterijisi ilkinji gezek älem giňişligine uçuryldy. Ol älem giňişligine skafandr geýdirilen manekenli «Tesla» elektroulagyny çykardy.