1412-nji ýyl. Fransiýanyň milli gahrymany, Ýüzýyllyk söweşde fransuz goşunlarynyň meşhur serkerdeleriniň biri bolan Žanna d’Ark dünýä indi.

1838-nji ýyl. Semuel Morze dünýäde «Morze apparaty» ady bilen meşhurlyk gazanan elektromehaniki ýazyjy telegrafynyň işleýşini ilkinji gezek görkezdi.

1883-nji ýyl. Liwanyň Bşarre şäherçesinde belli eserleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp ornuny tapan Jebran Halyl dünýä indi. Ol «Gyrlan ganatlar», «Gözýaş we ýylgyryş», «Telbe», «Ýöriş» we «Harasat» ýaly eserleri döretdi. 1983-nji ýyl «ÝUNESKO» tarapyndan Jebranyň ýyly diýlip yglan etdi.

1896-njy ýyl. Lýumer doganlaryň «La-Sota demirýol menziline otlynyň gelmegi» atly filminiň ilkinji görkezilişi (premýerasy) guraldy.

1909-njy ýyl. Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda Alty Garlyýew doguldy. Ol diňe döreden filmleri bilen däl, eýsem, «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Gully hanyň we «Mukamyň syry» kinosyndaky Karkaranyň kakasynyň obrazlary bilen halkyň aňynda öçmejek yz goýdy.

1929-njy ýyl. 18 ýaşly geljekki Tereza ene garyp we syrkaw ynsanlara kömek etmek maksady bilen Kalkutta geldi.

1938-nji ýyl. Italiýaly meşhur kino aktýory, aýdymçy, sazanda, kinorežissýor, telealypbarjy we jemgyýetçilik işgäri Adriano Çelentano doguldy.

1993-nji ýyl. «Uçýan tatar» diýlip atlandyrylan beýik tansçy Rudolf Nuryýew aradan çykdy.
