1754-nji ýyl. M.W.Lomonosow garşylykly ugra aýlanýan iki pyrlampaja eýe bolan dikuçaryň, ýagny wertolýotyň burmaly modelini gurdy we ony synagdan geçirdi.
1812-nji ýyl. Lendportda Çarlz Jon Haffem Dikkenas dünýä indi. Ol dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili, XIX asyryň iň tanymal kyssaçylarynyň (prozaikleriniň) biri we heniz dirikä iň meşhur iňlis dilli ýazyjy hökmünde ykrar edildi.
1863-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji ot söndüriji enjam patentlendi.
1914-nji ýyl. ABŞ-da «Kid Auto Races in Venice» atly film ekranlara çykdy. Bu filmde Çarli Çaplin ilkinji gezek köpçülige tanyş bolan murtly, giň balakly, hasaly we gülkünç şlýapaly «sergezdanyň» keşbinde peýda boldy.
1926-njy ýyl. Aşgabat kinofabrikasyny döretmek barada karar kabul edildi. Ol 1958-nji ýyldan «Türkmenfilm» diýen ady göteren bolsa, häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi diýlip atlandyrylýar.
1942-nji ýyl. Şahyr we alym Ahmet Mämmedow doguldy. Onuň ýazan ylmy makalalarynyň sany 200-den geçýär. Olaryň köpüsi Magtymgulynyň döredijiligine, ömrüne we alyp baran işlerine bagyşlanandyr. «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» diýen kitaby alymyň iň uly işleriniň biridir.
1980-nji ýyl. Los-Anjelesdäki meýdançada «Pink Floyd» toparynyň meşhur «The Wall» atly şowhunynyň premýerasy boldy.
2023-nji ýyl. Lebron Jems Karim Abdul-Jabbaryň 1989-njy ýylda goýan rekordyny täzeläp, NBA-nyň — Milli Basketbol assosiasiýasynyň taryhynda iň netijeli oýunçy boldy.