1492-nji ýyl. Iň gadymy meteorit bolan «Ensisheim» Ýere gaçdy (häzirki Fransiýa).

1504-nji ýyl. Kristofer Kolumb dördünji we soňky syýahatyndan gaýdyp geldi. Käbir maglumatlarda Kolumbyň kakaony şonda getirendigi barada aýdylýar.

1665-nji ýyl. Häzirki wagtda hem Londanda çapdan çykýan iň gadymy «The London Gazette» žurnaly ilkinji gezek neşir edildi.

1869-njy ýyl. Dünýäde ilkinji şäherara welosiped ýaryşy geçirildi.

1891-nji ýyl. Amerikaly Witkomb Leo Jadson ilkinji syrmany patentledi.

1949-njy ýyl. Ilkinji gezek deňizdäki iň köne nebit platformasy bolan «Nebit gaýalarynda» nebit öndürildi.

1996-njy ýyl. NASA-nyň Marsy öwrenmek üçin iň üstünlikli taslamalarynyň biri bolan «Amerikanyň awtomatiki planetalar stansiýasy» işe girizildi.
