1725-nji ýyl. Sankt-Peterburgda Pýotr I Alekseýewiç (Beýik Pýotr) aradan çykdy. Şondan soň tagta Pýotryň aýaly, Ýekaterina I ady bilen Russiýanyň ilkinji imperator zenany bolan Ýekaterina Alekseýewna geçdi.
1828-nji ýyl. Fransuz ýazyjysy, başdangeçirmeler edebiýatynyň nusgawy wekili, ylmy fantastika žanrynyň esaslandyryjylarynyň biri hasaplanýan Žýul Wern dünýä indi. Onuň «Ýeriň merkezinde syýahat», «Ýerden Aýa», «Aýyň töwereginde», «Kapitan Gatterasyň syýahaty we başdangeçirmeleri», «Kapitan Grantyň çagalary», «80 günde Ýeriň daşyndan aýlanmak», «Syrly ada», «On bäş ýaşly kapitan», «Robur – basybalyjy» ýaly onlarça çeper eserleri okyjylar tarapyndan höwes bilen okalýar.
1837-nji ýyl. Beýik rus şahyry Puşkiniň Dantes bilen gynandyryjy habar bilen tamamlanan dueli bolup geçdi. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin şondan iki gün soň öz halypasy Žukowskiniň elinde aradan çykýar.
1838-nji ýyl. Semýuel Morze habarlary ýörite kodlar arkaly tolkunlar bilen iberýän elektromagnit telegraf ulgamyny ilkinji gezek köpçülige görkezdi.
1919-njy ýyl. Çikagoly lukman Jeýms Herrik dünýäde ilkinji bolup ýürek ýetmezçiliginiň kardiogrammasyny neşir etdi.
1928-nji ýyl. Sowet we rus teatr hem-de kino aktýory Wýaçeslaw Wasilýewiç Tihonow dünýä indi. Ol «Baharyň on ýedi pursady» filmindäki Ştirlisiň keşbi bilen giňden tanalýar. Meşhur aktýor Sosialistik zähmetiň gahrymany, SSSR-iň halk artisti, Lenin baýragynyň we SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi.
1956-njy ýyl. Londonyň simwolyna öwrülen we dünýäde iň tanymal awtobus hasaplanýan iki gatly «Rutmaster» (Dabl deker) awtobusy ulanyşa girizildi.