9-njy fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

9 Fewral, 2026

1441-nji ýyl. Orta aziýaly türki şahyr, pelsepeçi, Teýmur Horasanynyň döwlet işgäri Alyşir Nowaýy dünýä indi.

1881-nji ýyl. Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý aradan çykdy. Onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň iň belent nusgalarynyň biridir.

1895-nji ýyl. Woleýbolyň dörän güni. Şol gün ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Holiok şäherindäki Ýaş dindarlar birleşiginiň kollejiniň sport zalynda bedenterbiýe instruktory Uilýam J.Morgan täze toparlaýyn top oýnuny oýlap tapdy we bu görnüşden ilkinji duşuşyk geçirildi.

1900-nji ýyl. Duaýt Dewis täze tennis baýragyny — Dewisiň Kubogyny esaslandyrdy. Bu kubogyň ilkinji eýesi Beýik Britaniýany 3:0 hasabynda ýeňen ABŞ boldy.

1960-njy ýyl. Goliwudyň «Şöhrat seýilgähinde» (Walk of Fame) Joan Wudwarda degişli bolan ilkinji ýyldyz oturdyldy.

2007-nji ýyl. Nýu-Ýorkly taksi özüne çaý puly hökmünde bary-ýogy 30 sent goýan ýolagçy zenanyň unudyp galdyran almaz ýüzüklerden doly torbasyny yzyna gaýtaryp berdi. Bangladeşden bolan ynsaply sürüji: «Men agyr işleýärin, ýöne maňa şeýle durmuş ýaraýar. Maňa kesekiniň ne puly, ne-de emlägi gerek» diýip düşündirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info