1237-nji ýyl. Baty hanyň ýolbaşçylygyndaky mongol goşunlarynyň Rusa (gadymy Rus döwletine) çozuşy başlandy.
1746-njy ýyl. Fransuz zergäri Žorž Frederik Strass Gadymy Müsür döwründen bäri mälim bolan zegärçilik ugruny — hrustaldan emeli gymmat bahaly daşlary taýýarlamak usulyny täzeden dikeltdi.
1811-nji ýyl. Edinburgyň golaýyndaky Musselburg balykçylar şäherçesinde dünýä sportunyň taryhynda zenanlaryň arasyndaky ilkinji toparlaýyn golf ýaryşy geçirildi.
1890-njy ýyl. XX asyr çeh edebiýatynyň nusgawy wekili, täsin fantaziýasy bilen tapawutlanan ýazyjy, kyssaçy we dramaturg Karel Çapek dünýä indi. Ol ulaglaryň gozgalaňy baradaky «R.U.R.» pýesasynyň sahnalaşdyrylmagyndan soň has-da uly meşhurlyga eýe bolýar. Çünki ýazyjynyň bu eserinde ilkinji gezek «robot» sözi ulanylypdy.
1949-njy ýyl. Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy.
2007-nji ýyl. Stiw Jobs ilkinji «iPhone» smartfonyny tanyşdyrdy.