25-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda gazna bilen «Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasynyň arasynda degişli Şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekilen Şertnama esasynda, Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek işlerini amala aşyrar, onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumyny, 320 orunlyk çagalar bagyny gurar.
Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan, onuň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, olaryň zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
