Inklýuziw bilime goldaw: Ýewropa Bileleşigi bäşinji gezek «Back to school» çäresini geçirdi

MilliInfo

1 sagat öň

Inklýuziw bilime goldaw: Ýewropa Bileleşigi bäşinji gezek «Back to school» çäresini geçirdi

10-njy awgustda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň maýyplygy bar bolan adamlara goldaw bermek boýunça merkeziniň goldawy bilen ýyllyk «Back to School» (Mekdebe gaýdyp barmak) kampaniýasyny gurnady. Başlangyjyň çäklerinde maýyplygy bolan bolan çagalara hem-de mätäçlik çekýän maşgalalardan bolan çagalara jemi 25 sany okuw bukjalary gowşuryldy. Bu olaryň täze okuw ýylyna ynamly taýýarlanmagyna ýardam berer.

Bäş ýylyň dowamynda yzygider geçirilýän bu çäre gymmatly däbe öwrüldi, bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň inklýuziw bilimi ösdürmek we her bir çaganyň öwrenmek, ösmek we öz ukyplaryny doly açyp görkezmek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça yzygiderli ygrarlylygyny görkezýär. Bu başlangyç zerur mekdep enjamlaryny bermek arkaly çagalara täze okuw ýylyna oňyn başlangyç bermäge we olary bilim almaklyga höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Hanym Beata Pęksa we Wekiliýetiň işgärleri çagalara okuw esbaplaryny gowşurdylar.

Ilçi Beata Peksa çagalara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Elmydama täze zatlary öwrenmäge höwesli boluň, köp sorag beriň we hiç haçan öwrenmegi bes etmäň. Täze sumkalaryňyz we mekdep enjamlaryňyz diňe kitap götermek üçin däl - olar täze zatlary öwrenmek, döretmek we ösmek üçin siziň kömekçiňizdir!»

«Rishat Events» kompaniýasynyň animatorlarynyň gatnaşmagy bilen baýramçylyk has-da gyzykly boldy, olar çäräni interaktiw oýunlar, aýdym-sazlar we tansly çykyşlary bilen baýlaşdyrdylar, çagalaryň ýüzlerine ýylgyryş çaýdylar we baýramçylyk ruhuny has-da has-da goşant goşdular.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info