Dünýäniň smartfon bazary boýunça satuwlaryñ üçünji çärýeginiň netijeleri mälim edildi. «Counterpoint Research» kompaniýasynyñ seljerijileriniň maglumatlaryna görä, ilkinji onlugyň ýarysy «Apple» enjamlaryndan ybarat bolup, sanawyň başynda «iPhone 16» ýerleşdi.
Hasabatda görkezilişine görä, «iPhone 16» uly tapawut bilen öňe saýlanyp, dünýä bazarynyň 4% paýyny aldy.
Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde «iPhone 16 Pro» hem-de «iPhone 16 Pro Max» eýeledi.
Dördünji ýerde bolsa «iPhone 16e» ýerleşýär. Köp sanly aýratynlyklaryna garamazdan, bu model dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň arasynda 4-nji ýerde durýar.
Sanawyň indiki bäşligi diňe «Samsung» modellerinden durýar: «Galaxy A16 5G», «A06», «A36», «A56» we «A16 4G».
Ilkinji onlugy bolsa täsin ýagdaý jemleýär — «iPhone 17 Pro Max» onunjy orna düşdi. Has geň galdyrýan ýeri, bu modeliň satuwynyň üçünji çärýekde ýylyň ilkinji günlerinden däl-de, has giç başlanandygyna garamazdan, şeýle ýokary derejä çykmagy.