«iPhone 17» sentýabrda tanyşdyrylar. Smartfon barada näme maglumatlar belli?

MilliInfo

10 Awgust, 2025

«Apple» täze smartfonlary tanyşdyrmak üçin amatly wagt hökmünde ýene-de sentýabry saýlady. Germaniýaly mobil operatorlaryň habar bermegine görä, tanyşdyrylyş 9-njy sentýabrda, duşenbe güni geçiriler.

12-nji sentýabrda, anna güni öňünden sargyt etmek başlasa, 19-njy sentýabrda dükanlarda satuwlara badalga bermek meýlleşdirilýär.

«iPhone 17» seriýasyna dört model girer: adaty, «Pro», «Pro Max» we «Air». Ýeri gelende bellesek, «Air» öz gezeginde «Plus» modeliniň ornuny tutup, aýratyn inçe gabarasy bilen özüne çekiji bolar.

Smartfonlaryň täzelenen arka panellerine we täze kamera ýerleşişine eýe bolmagyna garaşylýar. Takyk aýratynlyklar heniz aýan edilmedi, ýöne maglumatlaryň we suratlaryň sosial ulgamlarda syzdyrylmagy, ýaýramagy esasynda displeýiniň we surata düşüriş mümkinçilikleriniň gowulandyryljakdygy aýan boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo