«iPhone 17», «Watch Series 11», «AirPods Pro 3». «Apple» ýylyň esasy tanyşdyrylyşynda haýsy önümlerini görkezdi

MilliInfo

9-njy sentýabrda «Apple» kompaniýasy täze enjamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Garaşylyşy ýaly, esasy täzelikler «iPhone 17» we «iPhone 17 Pro» smartfonlary boldy. Mundan başga-da, täze akylly sagatlar hem-de täzelenen TWS-gulaklyklar görkezildi.

Kompaniýanyň Kaliforniýanyň Kupertino şäherindäki baş edarasynda guralan dabara žurnalistler we blogerler hem çagyryldy.

«iPhone 17»

Täze «iPhone 17» modelinde 6,3 dýuým OLED ekran bar, täzelenme tizligi — 120 Gs, iň ýokary ýagtylyk — 3000 nit. Ekranda «Always-On» aýratynlygy bar. Onuň täze «Ceramic Shield 2» aýnasy öňki nesle garanyňda, çyzylmaga garşy 3 esse berk diýip bellenilýär.

Onuň arkja tarapynda iki kamera bar — ikisi hem 48 MP Fusion kameralar: biri optiki 2x teleobýektiw, beýlekisi giň burçly (ultra-wideo), öňki model bilen deňeşdirilende 4 esse ýokary çözgütli.

Reňkler: gara, ak, gök, benewşe, ýaşyl.
Ýady: 256 GB / 512 GB.
Bahalar: 799$ / $999$.

«iPhone Air»

Üns beriň: bu «iPhone 17 Air» däl, ýöne «iPhone Air».

Galyňlygy — 5,64 mm. Ekran ölçegi — 6,5 dýuým, täzelenme tizligi — 120 Gs, ýagtylygy — 3000 nit, «Always-On» aýratynlygy bar.

«Apple» bu enjamy «kompaniýanyň taryhyndaky iň berk smartfonlaryň biri» hökmünde häsiýetlendirýär. Ön ýüzünde — «Ceramic Shield 2», arka tarapda — «Ceramic Shield», enjamyň materialy — titan.

Baş kamera — 48 MP, 1x we 2x (teleobýektiw) ýagdaýda işläp bilýär. Öň kameraki — 18 MP, «Center Stage» aýratynlygy bilen.

Batareýa hakynda jikme-jik maglumat ýok, ýöne «uýgunlaşma rejesinde bir gün işlär» diýilýär. Şeýle hem, ýörite «MagSafe» arkaly işleýän «super inçe portatiw magnit zarýad enjamy» görkezildi.

Reňkler: gara, ak, altynsow, gök.
Ýady: 256 GB / 512 GB / 1 TB.
Bahalar: 999$ / 1199$ / 1399$.

«iPhone 17 Pro» we «Pro Max»

«17 Pro» (6,3 dýuým) we «17 Pro Max» (6,9 dýuým) modelleriniň gabarasy alýuminden ýasalypdyr (titan däl).

«Vapor chamber» (bug kamerasyna esaslanýan) sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen. Arka panelde «Ceramic Shield» aýna goşundylar bar (simsiz energiýa üçin). Öň tarapda — «Ceramic Shield 2».

«eSIM» bilen gelen modellerde akkumulýator has uly.

Täze aýratynlyk: indi «iPhone 17 Pro» modelleri 40 Watt energiýa adapterini (tapawutly satylýar) goldaýar. «Qi2» arkaly geçirijisiz energiýa — 25 watt çenli.

Üç kamera hem — 48 MP:

  • 4x optiki zoom (48 MP),

  • 8x zoom (12 MP),

  • Sanly zoom — 40 esse.

«ProRes RAW» görnüşinde wideo ýazgy goldawy bar.

Reňkler: gök, mämişi, kümüş.
Ýady: 256 GB / 512 GB / 1 TB («17 Pro Max-da» 2 TB hem bar).

Bahalar (ABŞ):

  • «iPhone 17 Pro»: 1099$ / 1299$ / 1499$

  • «iPhone 17 Pro Max»: 1199$ / 1399$ / 1599$ / 1999$

Satylyp başlanjak güni: 19-njy sentýabr (bularyň ählisine degişli).

«AirPods Pro 3»

Ilkinji görkezilen enjamlaryň biri-de — «AirPods Pro 3» boldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze gulaklykda ses öçüriji (ANC) ulgamy öňki nesil «AirPods Pro 2» bilen deňeşdirilende 2 esse, ilkinji nesil bilen deňeşdirilende bolsa 4 esse güýçli.

Basslaryň we ses giňişliginiň hiliniň has gowulaşandygy bellenilýär. Şeýle hem, hakyky wagtda gepleşikleri terjime etmegiň täze mümkinçilikleri görkezildi.

ABŞ-da bahasy — $249.

«Apple Watch»

Täze nesil «Apple Watch Series 11» kompaniýanyň iň inçe akylly sagady hökmünde tanadyldy. Iki ölçegde hödürlenýär: 42 mm we 46 mm. Galyňlygy — 9,7 mm, agramy — 30/37 gramdan başlanýar.

Täze sagatlar öňküler bilen deňeşdirilende, iki esse çyzylmalyga garşy durnukly bolan gorag aýnasy bilen üpjün edilen. Ekranyň ýagtylygy — 2000 nit.

Oňa täze gan basyşyny ölçemek üçin datçik goşuldy, bu ulanyjyny ýokary gan basyşy barada habardar edýär. Şeýle hem, «ukynyň hili» diýen täze aýratynlyk girizilipdir.

Zarýadsyz ýagdaýda ähli funksiýalar işjeň ýagdaýda 24 sagada çenli işläp bilýär. Täze çip — S10.

ABŞ-da bahalar:

  • «Watch SE 3» — $249,

  • «Series 11» — $399,

  • «Ultra 3» — $799.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo