18-nji sentýabrda «Apple» kompaniýasy resmi taýdan «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» smartfonlarynyň satuwyna başlady.
Satuwyň ilkinji gününde täze flagmanlar dünýäniň ýurtlarynyň hem sebitleriniň 65-den gowragynda alyjylar üçin elýeterli boldy. Ilkinji tapgyra girýän bazarlaryň hataryna ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Hindistan, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Kanada, Meksika, BAE, Türkiýe we Wýetnam girdi.
Smartfonlara deslapky sargytlar 12-nji sentýabrda başlanypdy, 18-nji sentýabrda bolsa alyjylar enjamlary göni dükanlardan we resmi wekillerden satyn almak mümkinçiligine eýe boldular.
«iPhone 18 Pro Max» 256 GB, 512 GB, 1 TB we 2 TB içerki ýat göwrümleri bilen hödürlenýär. Onuň adaty nusgasy ABŞ-da 1300 dollara durýar. «iPhone 18 Pro» bolsa şondan 100 dollar arzan satylýar.
Kompaniýa sebitleriň hem ýurtlaryň ýene 20-sinde 25-nji sentýabrdan bu smartfonlaryň söwdasyna başlamagy göz öňünde tutýar.
