Eýran Türkmenistan we Russiýa bilen tebigy gazyň importy boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň orunbasary we Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Said Tawakkoliniň degişli brifingde eden çykyşynda aýdandygyny «Trend» habar berýär.
Tawakkoli ýurtda gyş paslynda ýüze çykýan gaz ýetmezçiliginiň günüň dowamynda 300 million kub metre çenli, käbir ýagdaýlarda bolsa 350 — 400 million kub metre çenli artmagynyň mümkindigini belledi. Mundan başga-da, gaz ýetmezçiligini azaltmak we gaz bilen üpjünçiligi netijeli dolandyrmak maksady bilen, ýurtda dürli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.
Onuň sözlerine görä, eýran tarapy Türkmenistan we Russiýa bilen geçirilýän gepleşikleriň oňyn netijeler bilen jemlenjekdigine umyt edýär.

