Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere seredildi

MilliInfo
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere seredildi

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gowaça meýdanlarynda zyýan berijilere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, degişli welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi, käbir sebitlerde bolsa oňa taýýarlyk işleri dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info