Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web-saýtynyň binýadynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» sahypasy döredildi. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Sahypada işewürler, kärhanalardyr edaralar üçin bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary ýerleşdirmek mümkinçiligi döredildi.
Saýtyň iş üpjünçilik portalynda iş hem-de işgär gözleýänler üçin amatly şertler üpjün edilipdir. Bu ýere siz özüňize gerekli iş boýunça bildirişler bilen tanşyp ýa-da iş beriji tarap hökmünde zerur hünärmeniň iş tejribesi boýunça talaplaryňyzy girizip bilersiňiz. Portalda hödürlenýän wezipeler üçin bellenen zähmet haklary hem-de işiň ýerleşýän nokatlary hem görkezilýär.