100 ýyla golaý mundan ozal ýitip giden diýlip çaklanylan haýwan Indoneziýada duş geldi

MilliInfo

22 Oktýabr, 2026

100 ýyla golaý mundan ozal ýitip giden diýlip çaklanylan haýwan Indoneziýada duş geldi

Indoneziýaly alymlar Bangka adalarynda ýaşaýan seýrek duş gelýän haýwany — haýal ýöreýän lorisi (priamatlar maşgalasyna degişli) ýüze çykardylar. Çap edilen barlagda awtorlar haýwanlaryň bu görnüşiniň diňe bir Ýer ýüzünden ýitip gitmän, eýsem, adanyň çäginde ep-esli giňden ýaýrandygyny hem nygtaýarlar.

Bellik etmeli zat, lorisler dürli ýerlerde, şol sanda oba hojalyk ekin meýdanlarynda hem duş gelýär. Mundan başga-da, alnan maglumatlar haýwanat dünýäsiniň käbir wekilleriniň onýyllyklaryň dowamynda ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinden üstünlikli gizlenip bilýändigini aýdyň görkezýär.

Maglumatlara görä, ylmy işlerde bu haýwan barada iň soňky gezek 1937-nji ýylda agzalyp geçilipdir. Şeýle uzak wagtlap maglumat bolmandygy sebäpli, biologlar bu haýwanyň doly ýitip gitmek ýagdaýyndadygyny çaklapdyrlar.

Şeýle-de bolsa, Bangka adasynyň ýaşaýjylary köp ýyllaryň dowamynda bu haýwanjyklary wagtal-wagtal görüpdirler, hatda olary sebitdäki ýabany tebigaty goramak merkezlerine hem tabşyrypdyrlar. Netijede, ilatdan gelen şeýle yzygiderli duýduryşlar barlagçylary bu seýrek duş gelýän haýwanyň yzyna düşmäge gönükdiripdir.

Täze takyk maglumatlaryň esasynda, hünärmenler haýal ýöreýän lorisiň Gyzyl kitapdaky ornuna resmi taýdan täzeden seretmegi teklip edýärler. Bilermenler bu görnüşiň örän çylşyrymly ýagdaýdadygy we onuň doly ýitip gitmek ähtimallygy baradaky belligi aýyrmagy talap edýärler diýip, «Spixiana» habar berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info