Arzuwyňyzdaky işi gözleýäňizmi ýa-da kär basgançaklary boýunça ynamly öňe ädim ätmek isleýäňizmi?

MilliInfo

2 sagat öň

Arzuwyňyzdaky işi gözleýäňizmi ýa-da kär basgançaklary boýunça ynamly öňe ädim ätmek isleýäňizmi?

Her aýyň ilkinji çarşenbe güni «Ashgabat Mall» söwda we dynç alyş merkezi täze hünär sepgitlerine ymtylýanlar üçin esasy duşuşyk nokadyna öwrülýär! Sagat 17:00-dan başlap, bu ýerde giň gerimde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirilýär.

Iş gözleýänler üçin bu çäre şäheriň iň gowy kompaniýalaryna özüňizi tanyşdyrmak, gysgaça gürrüňdeşliklerden geçmek, boş iş orunlary barada göni maglumat almak we hut özüňize laýyk gelýän wezipäni tapmak üçin ajaýyp pursatdyr.

Iş berijiler üçin bolsa bu öz biznesi barada mälim etmek, zehinli hünärmenleri çekmek we dürli ugurlar boýunça zerur bolan boş iş orunlaryny çalt doldurmak üçin amatly mümkinçilikdir.
Bu geljegi uly çäräniň guramaçysy «Ashgabat Mall» merkeziniň marketing bölümi bolup, ol işewürlik gatnaşyklary üçin iň amatly hem-de netijeli şertleri döredýärler.

Hünär derejäňizi gowulyga tarap üýtgetmek mümkinçiligini elden gidermäň — geliň, tanşyň we täze gözýetimleri açyň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info