16-njy awgustda Filadelfiýada geçiriljek «UFC 330» ýaryşynyň esasy wakasy Islam Mahaçew bilen Ian Maçado Gerriniň tutluşygy bolar.
Sosial ulgamlarda sabyrsyzlyk bilen garaşylan tutluşygyň netijeleri boýunça dürli çaklamalaryňdyr statistiki maglumatlaryň paýlaşylmagy MMA jemgyýetiniň ünsüni häzirki günlerden şol duşuşyga gönükdirýär.
Geliň statistiki deňeşdirmeleriň käbirine ünsi çekeliň:
Mahaçew häzirki wagtda 28 ýeňşe eýelik edip, 1 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Gerriniň hasabynda bolsa 17 ýeňiş bilen, 1 ýeňliş bar.
Islam Mahaçewiň boýy 178 santimetr bolsa, Ian Maçado Gerriniňki bolsa 191 sm.
Russiýaly söweşijiniň iki elini ýaýan ýagdaýynda elleriniň uzaýan gurşawy 179 sm bolsa, onuň garşydaşynyňky 188 sm.
Indi bolsa olaryň eýelik edýän söweş aýratynlyklaryna ünsi çekeliň:
Mahaçew göreşi we gözegçilikde saklamagy, bogujy emelleri, parterde işlemek, çydamlylyk başarnygy hem-de sowukganlylygy bilen tapawutlanýar.
Ian Gerri bolsa uzak aralykdan işlemek, tizlik we aýakdaky hereketler, dürs jeb (urgy, garşydaşyň aýagyna bökmek we kombinasiýanyň başlangyjy), taýming hem pursady duýmak boýunça ussatdyr.
Mahaçew soňky söweşini Nýu-Ýorkda guralan «UFC 322» ýaryşynda awstraliýaly Jek Della Maddalena garşy geçiripdi. Çempionlyk guşagy ugrundaky bu söweş eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi esasynda russiýaly türgeniň peýdasyna tamamlanypdy.
Ien Gerri bolsa soňky söweşini 22-nji noýabrda Katarda geçirilen «UFC» ýaryşynda geçirip, onda eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen Belal Muhammady ýeňdi.
