Islam Mahaçew «UFC-de» bassyr ýedinji çempionlyk ýeňşini gazandy

MilliInfo

16 Awgust, 2026

Islam Mahaçew «UFC-de» bassyr ýedinji çempionlyk ýeňşini gazandy

Şu gün — 16-njy awgustda Filadelfiýada (ABŞ) garyşyk söweş sungaty boýunça «UFC 330» ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde guramanyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony, russiýaly Islam Mahaçew irlandiýaly Ien Gerriniň garşysyna oktagona çykdy we çempionlyk guşagyny goramagyň hötdesinden geldi. Bu Mahaçew üçin çempionlyk ugrundaky bassyr ýedinji ýeňiş boldy.

Ýeri gelende bellesek, söweş doly bäş raund dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda, Mahaçewiň ýeňşi bilen tamamlandy.

Çempionlyk ýeňişleriniň sanawy: Çarlz Oliweýra («UFC 280» ýaryşy), Aleksandr Wolkanowski («UFC 284»), Aleksandr Wolkanowski («UFC 294»), Dastin Porýe («UFC 302»), Renato Moýkano («UFC 311»), Jek Della Maddalena («UFC 322»), Ien Gerri («UFC 330»).

Irlandiýaly söweşiji bilen bolan tutluşykdan soň, Islam Mahaçewiň hasabynda 29 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.

Russiýaly türgeniň häzirki wagtda «UFC-de» bassyr 17 ýeňşi bar. Ol bu ugurda yzly-yzyna 16 söweşde ýeňiş gazanan Anderson Silwanyň rekordyny täzelemegi başardy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info