«Islam Mahaçewi nädip ýeňmeli?»: Jorj Sent-Pýer bu sowalyň jogabyny salgy berdi

MilliInfo

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) rowaýata öwrülen wekili Jorj Sent-Pýer Islam Mahaçewiň çempionlyk ýoluna böwet bolmagyň mümkindigine we russiýaly söweşijini ýeňmegiň usulynyň bardygyna ynanýar.

«Meniň pikirimçe, ol häzirki wagtda agram derejesine garamazdan, dünýäde iň gowy söweşiji bolup biler. Meniň «pound-for-pound» (P4P) sanawymda — Islam Mahaçew, Iliýa Topuriýa, Merab Dwalişwili, Hamzat Çimaýew bar. Ýöne Islamy ýeňmek üçin iň gowusy bolmak hökman däl. Söweşde hemişe iň gowy söweşiji ýeňiş gazanmaýar. Bu ýagdaý eýýäm Islam Mahaçew bilen bolup geçipdi.

Meniň pikirimçe, eger ol Adriano Martins bilen on gezek söweşen bolsa, şonuň dokuzysynda ýeňerdi, birinde bolsa asgyn gelerdi — şeýle ýagdaýlar bolýar. Tehnikasy boýunça diýseň kämil söweşiji bolan Islam Mahaçewi ýeňmek üçin onuň göreş usulyna garşy durup biljek ýigit gerek: ýa onuň partere geçirmeginiň (takedown) öňüni almaly ýa-da partere düşen ýagdaýynda tiz ýerinden galyp, aralygy (distansiýany) döredip, aýakda söweşmäge mejbur etmeli. Oňa basyş etmegi başarjak, köp sanly aldaýjy hereketleri we fintleri ulanjak söweşiji gerek» — diýip, Sent-Pýer «The Break Talk» podkastynda aýtdy.

Kanadaly söweşiji russiýaly pälwanyň sekizinji professional söweşini mysal getirdi, şonda ol fransiýaly Mansur Barnauini eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňipdi.

«Oňa köp kynçylyk döreden bir ýigit bardy. Fransiýaly türgen meniň sparring-hyzmatdaşlarymyň biridi. Onuň ady Mansur Barnauidi. Söweşlere taýýarlananymda, ol meniň iň gowy türgenleşik hyzmatdaşlarymyň biri bolmak bilen, Islama köp kynçylyk döretdi.

Bu Mahaçewiň karýerasynyň irki döwrüdi, ýöne şol söweşe tomaşa etseňiz, ol düýbünden başgaça jemlenip bilerdi. Iş eminleriň çözgüdine çenli baryp ýetdi. Mansur Barnauiniň Mahaçew bilen nähili söweşendigini gördüňizmi — ine, onuň bilen hut şeýle söweşmeli: hemişe pressing (basyş) etmeli, köp sanly zarba alyş-çalşygyny we «skrembllary» (göreşdäki çylşyrymly hereketler) döretmeli, ýene-de basyş, basyş we ýene bir gezek basyş» diýip, Sent-Pýer düşündirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info