«UFC-niň» ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçew «Матч!» ýaýlymyna beren interwýusynda indiki söweşinde kimiň garşydaş boljakdygyny we söweşiň haçan geçiriljekdigini häzirlikçe 100 göterim takyk bilmeýändigini paýlaşdy. Ýöne, ol Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň häzirki wagtda esasy dalaşgärlerdigini we olaryň özüni her gün türgenleşmäge höweslendirýändigini belledi.
«Indiki täze tutluşyk haçan geçiriler?
«Bilmedim. Meni her gün türgenleşmäge mejbur edýän dalaşgärler bar. Iň bolmanda iki sany gowy mümkin bolan garşydaş bar: Karlos Prates we Maýkl Morales. Gowşamak üçin wagt ýok. Prates örän gyzykly garşydaş. Şawkat Rahmonow hem söweşmek isleýär. Goý, ol ilki dikeldişini tamamlasyn! Olar meni ir ýeňmegi umyt edýärler, ýöne men guşagymy goraryn. Yzygiderli 20 ýeňiş ... Munuň nähili ýaňlanýandygy maňa ýaraýar. Hiç kimiň bu üstünligi bozmagyna ýol bermeli däl» diýip, belleýän Mahaçewiň sözlerini «Матч!» paýlaşdy.
Mahaçew soňky söweşini 15-nji awgustda «UFC 330» ýaryşynda geçirdi. Ol şol duşuşykda Ien Maçado Gerri bilen bolan söweşde ýarym orta agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorady.
Mahaçewiň professional netijesi 29 ýeňişden we bir ýeňlişden ybarat.
