Ispaniýanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň finalynda Argentinanyň ýygyndysyny (goşmaça wagtda 1:0) ýeňip, taryhda ikinji gezek arzyly Kubogy eýelemegi başardy. Duşuşyk ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionynda geçirildi. Duşuşyga sloweniýaly Slawko Winçiç baş eminlik etdi.
Duşuşygyň ýeke-täk ýeňiş goluny 106-njy minutda (goşmaça wagt) Fernan Torres geçirdi.
Ispanlar birinji gezek 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolupdylar. Şonda olar dünýä çempionatynyň finalynda Niderlandlaryň ýygyndysyny (goşmaça wagtda 1:0) ýeňipdiler. Argentinanyň ýygyndysy bolsa dünýä çempiony diýen adyny saklap bilmedi we kümüş medal bilen çäklendi.
Şeýlelikde, meşhur Lionel Messi bu dünýä çempionatyndan gözýaş bilen dolanmaly boldy.
Şeýlelikde, Ispaniýa futbolyň taryhynda bir wagtyň özünde hem erkekleriň, hem zenanlaryň arasynda dünýä çempiony adyna eýe bolan ilkinji ýurt boldy. Ýatlap geçsek, Ispaniýanyň zenanlar milli ýygyndysy hem 2023-nji ýylda geçirilen soňky dünýä çempionatynda baş baýraga mynasyp bolupdy. Finalda ispan zenanlary Angliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňipdiler.
Bu taryhy netije azyndan 2027-nji ýyla — indiki zenanlar dünýä çempionaty geçirilýänçä öz güýjüni saklar.
Bir gün öň geçirilen üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa Angliýanyň ýygyndysy Fransiýany 6:4 hasabynda ýeňip, bürünç medaly gazandy.
